Ï Gurluşyk garyndy serişdelerine we gips kartonyna islegler barha artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurluşyk garyndy serişdelerine we gips kartonyna islegler barha artýar

view-icon 3384
Gurluşyk garyndy serişdelerine we gips kartonyna islegler barha artýar

Ýurdumyzyň telekeçileri döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, olaryň gerimini has-da giňeltmek hakynda kabul edilen çözgütlere daýanyp, dünýä bazarlarynda bäsleşip bilýän geçginli harytlary öndürmekde öň hatarlarda barýarlar.

Şeýle-de telekeçiler «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň okgunly, depginli ösüşlerine saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Günbatar sebitiň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän «Ak-Gaýa» hojalyk jemgyýety hem şeýle kärhanalaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolan «Ak-Gaýa» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri gurluşyk serişdelerini, gips kartonyny öndürmek işlerini ýokary hil derejesinde maksadalaýyk alyp barýarlar. Bu ýerde ýerine ýetirilýän ähli işler awtomatlaşdyrylan usulda merkezi dolandyryş bölüminde amala aşyrylýar. Jemi 25 gektar umumy meýdany tutýan kärhana dolandyryşyň kämil tilsimatlary, ösen tehnologiýaly kuwwatly enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Ýeri gelende aýtsak, hojalyk jemgyýetiniň ýyllyk kuwwaty diwarlary tekizläp, ýylmamak üçin zerurlyk edýän gurluşyk garyndy serişdeleriň 78 müň tonnasyna, gips kartonynyň hem 8 million inedördül metrine barabardyr.

Şu ýylyň başyndan bäri hem bu ýerde ösen talaplara laýyk gelýän gurluşyk garyndy serişdeleriniň müňlerçe tonnasy, dürli binalaryň, ymaratlaryň içki gurluşyklarynyň üçek asty, şeýle-de diwar örtükleri üçin möhüm bolan gips kartonynyň bolsa millionlarça inedördül metri öndürildi. Şeýlelikde, hasabat döwründe dürli ýerlerden gelip gowşan buýurmalar abraý bilen üstünlikli berjaý edildi.

Işleri döwrebap derejede üpjün edip, önümçilik kuwwatlygyna hötde gelýän agzybir kärhanada zerurlyk edýän çig mallaryň agramly bölegem Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynýar. Bu bolsa ýola sarp edilýän wagty tygşytlamaga, önümçilik işleriniň düşewüntli alnyp barylmagyna giň mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda agzybir kärhanada öndürilýän gurluşyk garyndy serişdeleri we gips kartony diňe bir biziň öz ýurdumyza däl, daşary ýurtlara-da ugradylýar. Munuň şeýledigine kärhananyň önümlerine Russiýa, Gazagystan, Owganystan ýaly döwletleriň işewür düzümleri tarapyndan islegleriň bildirilip, yzygiderli satyn alynmagam güwä geçýär.