Ï «Altyn asyr» «Nebitçini» utup, «Ahal» bilen arany ýygyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» «Nebitçini» utup, «Ahal» bilen arany ýygyrdy

view-icon 5210
«Altyn asyr» «Nebitçini» utup, «Ahal» bilen arany ýygyrdy
camera-icon
tff.com.tm

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 14-nji tapgyry Aşgabat, Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde geçen üç oýun bilen  başlandy.

Ilki paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky oýun tamamlandy, onda häzirki çempion «Altyn asyr» Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul etdi.

Toparlar şu ýyl birinji tapgyryň oýnunda Balkanabatda duşuşypdylar. Şonda «Altyn asyr» 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Jogap oýny-da «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynyň uly artykmaçlygy bilen geçdi. Duşuşygyň ykbaly eýýäm oýnuň birinji ýarymynda, myhmanlaryň derwezesine üç jogapsyz pökgi girende çözüldi. Olary Arslan Saparow 8-nji, 18-nji we 41-nji minutlarda geçirdi.

Arakesmeden soň garşydaşlar birek-birege bir gol geçirdiler. Ilki bilen, 48-nji minutda Rahman Myratberdiýew «Altyn asyryň» artykmaçlygyny dört pökgä çenli artdyrdy, mundan soň, goşmaça berlen wagtyň 2-nji minutynda Sapa Orazgylyjow hasabyň 4:1 bolmagyny gazandy.

Bu ýeňişden soň «Altyn asyr» 31 utuk toplap, öňde barýan «Ahal» bilen aralygyny dört utuga çenli azaltdy, ýöne «Ahal» bir oýny ondan az oýnady.

Maryda «Energetikden» 1:0 hasabynda üstün çykan «Köpetdag» 24 utugy bilen üçünji orna çykdy.

Ýaryş tertibiniň dördünji ornuna  22 utuk gazanan «Merw» düşdi. Ol myhmançylykda Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» 1:2 hasabynda utuldy. Ýeňijilerden Roman Galkin (11-nji minut) we Mekan Aşyrow (54-nji – jerime urgusyndan), ýeňlenlerden bolsa Döwletmyrat Döwletmyradow (77-nji) saýlandy.

Şeýlelik bilen, «Şagadam» birinji tapgyrdaky ýeňlişiniň öwezini doldy – 1:4 we dördünji orunda barýan «Merw» bilen arasyny 3 utuga çenli azaltdy.

14-nji tapgyr «Ahal» – «Aşgabat» oýny bilen tamamlanar. Bu, garşydaşlaryň şu ýyl ikinji oýny bolar. Birinji tapgyryň duşuşygy «Ahalyň» 3:2 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanypdy.