Ï Gözel Sumbaryň nary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gözel Sumbaryň nary

view-icon 7081
Gözel Sumbaryň nary

Şu günler Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary, kärendeçi daýhanlarydyr hususyýetçileri dürli miweli baglarda ýetişdirilen hasyllary ýygnamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Olar jogapkärli möwsümiň başyndan bäri alma, armyt, erik, garaly, şetdaly, nar, üzüm ýaly ençeme miweli önümleriň 680 tonna golaýyny ýygnap, terligi bilen sarp edijilere ýetirdiler.

Ekologik taýdan arassa, arzyly, datly önümleriň biri-de Sumbar jülgesiniň narydyr. Bu narlaryň medeniýetleşdirilen görnüşi boýunça-da sany juda köpdür. Tutuşlaýyn alanyňda jenneti künjegi ýada salýan Sumbar jülgesi hem-de şu jülgäniň dag derelerinde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agajynyň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Kärine kämil ýerli bagbanlaryň irginsiz tagallalary netijesinde olar «Gözel Sumbaryň nary» diýen at bilen uly meşhurlyga eýe boldular. Behişti miwäniň «Gyrmyzy gabak», «Ak däne», «Näzik gabyk», «Garrygala», «Tutlygala», «Wir», «Uzyntokaý», «Garakel-9», şeýle-de, dürli ýyllarda ylmy-gözleg ekspedisiýalary arkaly daşary ýurtlardan getirilip, ýerli şertlere birkemsiz uýgunlaşdyrylan onlarça görnüşleri köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.

Gözel Sumbar jülgesindäki obalaryň melleklerinde, etrabyň daýhan birleşiklerinde hem-de Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezinde giňden ösdürilip ýetişdirilýän narlar bolsa juda tagamly, şol bir wagtyň özünde-de nusgawy sowgatlyk miwe hasaplanýar. Olaryň her bir görnüşi biri-birinden gabygynyň galyňlygy, dänesiniň gatylygy, ýumşaklygy, miwesiniň turşulygy, süýjüligi, tagamlylygy, yssa, sowuga we kesellere durnuklylygy babatda tapawutlanýarlar.

Beýikligi adatça iki-üç metrden geçýän nar agaçlarynyň her bir düýbüniň hasyllylygy görnüşlerine görä 20 kilogramdan 70 kilograma çenli baryp ýetýär. Nar miweleriniň käbir görnüşleriniň her biriniň agramy 500-600 grama deň gelýär.

Nar agajynyň, onuň jenneti miwesiniň dermanlyk häsiýetleri juda ir döwürlerden bäri bellidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem naryň dermanlyk häsiýetleri jikme-jik beýan edilýär. Onuň güllerinden, gabygyndan taýýarlanylan jöwher melhem ganly içgeçmäniň, şol sanda süýji keseliniň bire-bir emidir. Naryň gabygy derileri eýlemekde, öwüşginli reňkleri almakda ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär.