Ï Üzümiň bol hasyly ýetişdirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üzümiň bol hasyly ýetişdirildi

view-icon 4751
Üzümiň bol hasyly ýetişdirildi

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda beýleki miweler bilen birlikde üzümiň hem bol hasyly ýetişdirildi.

Üzümdarçylyk we bagçylyk önümleriniň möçberiniň artmagyna, köp babatda, döwlet tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamak babatda yzygiderli görülýän çäreler ýardam etdi. Olaryň arasynda sebitde oba hojalyk ähmiýetli döredilen ýörite ýer gorundan hususy haryt öndürijilere dürli önümleri, şol sanda miweleri ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde ýerleriň bölünip berilmegi esasy orun eýeleýär. Sebitiň ilatyna ýer gorundan 99 ýyl möhlete diňe täze baglary, üzüm we tut ekmek üçin soňky ýyllarda bir ýarym müň gektara golaý ýer bölünip berildi.

Oba ilaty melleklerinde hem, şol sanda artyk önümini ýerlemek maksady bilen has köp üzüm we miweleri ýetişdirip ugradylar. Ýerli ilat bagçylyga we üzümdarçylyga çykdajylar çalt ödelýän telekeçilik hökmünde garaýarlar.

Indi olar nahallara-da uly üns berýärler, olar eýýäm ýerli howa şertlerine uýgunlaşan, kesellere durnuklylygy we ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan ekinleriň nahallaryny saýlaýarlar. Ylmy maslahatlaryň we miweli baglary idetmegiň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda ekinleri ýetişdirmegiň ähli tapgyry kämilleşdirilýär. Welaýatda döwletiň hasabyna, şeýle hem hususy maýa esasynda döwrebap sowadyjy enjamlaryň gurulmagy ýetişdirilen hasyly saklamaga we alyjylary ýylboýy gök önümdir miweler bilen üpjün etmäge ýardam berýär.