Ï Türkmenistan konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň doly derejeli agzalygyna kabul edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň doly derejeli agzalygyna kabul edildi

view-icon 4446
Türkmenistan konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň doly derejeli agzalygyna kabul edildi

Türkmenistanyň sportuň gyşky görnüşleri Milli merkeziniň figuralaýyn taýmak bölümi konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň (ISU) doly derejeli agzalygyna kabul edildi. Degişli çözgüt ISU-nyň Geňeşiniň Ženewada (Şweýsariýa) geçen mejlisinde kabul edildi.

2019-njy ýyldan bäri Türkmenistan konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň assosirlenen agzasydy, bu oňa ISU-nyň her ýyl geçirilýän ýygnaklarynda ses bermek hukugyny bermeýärdi. Bu gurama doly derejeli agzalyga kabul edilmegi bilen Türkmenistan ISU-nyň Kongresinde ses bermäge we wezipelere dalaşgärleri teklip etmäge mümkinçilik aldy diýip meşhur Inside the Games neşiri ýazýar.

ISU-nyň bu çözgüdi, gürrüňsiz, 2006-njy ýylda Aşgabatda ilkinji Buz köşgüniň açylmagy bilen ornaşdyrylan milli figuralaýyn taýmagyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. Häzir Türkmenistanda buz arenalarynyň bäşisi – biri Awazada we dördüsi Aşgabatda hereket edýär, olaryň iň ulusy 10 müň tomaşaça niýetlenendir.

ISU – sportuň figuralaýyn taýmak, konkili taýmak sporty we şort-trek ýaly konkili taýylýan görnüşlerini dolandyrýan iri halkara guramasy. Ol 1892-nji ýylda döredildi. 80 ýurt edarasy Lozannada (Şweýsariýa) ýerleşýän gurama agzadyr.