Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyplaryň «Parahatçylyk dilleri» atly ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.
Maslahat Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen bilelikde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen hyzmatdaşlygyň 2 aýlyk «Diller dostluk köprüsi» taslamasynyň çäklerinde gurnaldy.
Maslahatda iki ýokary okuw mekdebiň ýaşlary iňlis we ýapon dillerinde ylmyň gazananlary, dilleri öwrenmegiň döwrebap usullary, dünýä medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary barada gyzykly çykyşlary etdiler.
Talyplaryň ata Watanymyzy wasp edýän, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny beýan edýän dünýä dillerindäki aýdymlary bolsa, watansöýüjiligiň nusgasy hökmünde gatnaşyjylaryň dillerinde sena bolup, belentden ýaňlandy.