Ï Futbol boýunça Aziýa kubogy 2024-iň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň zenanlar toparynyň (U17) bäsdeşleri kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Aziýa kubogy 2024-iň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň zenanlar toparynyň (U17) bäsdeşleri kesgitlendi

view-icon 4247
Futbol boýunça Aziýa kubogy 2024-iň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň zenanlar toparynyň (U17) bäsdeşleri kesgitlendi

Bangladeşiň, Singapuryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlary şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen futbol boýunça 2024-Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşynyň bije çekişliginiň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň ýaş zenanlar ýygyndy toparynyň (17 ýaşa çenli) bäsdeşi boldular.

Saýlama ýaryşda 8-e bölünen 29 topar çykyş eder.

Türkmenistan bilen garşydaşlary «D» topara düşdi. Bu toparyň oýunlary 2023- nji ýylyň 26 – 30-njy aprelinde Singapurda bir tapgyrda geçiriler. 26-njy aprelde türkmen futbolçylary Bangladeşiň, 28-nji aprelde Singapuryň, 30-njy aprelde bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň topary bilen duşuşarlar.

Beýleki toparlaryň düzümi şeýle:

«A» toparda – Taýland (ýer eýeleri), Malaýziýa, Demirgazyk Mariana adalary, Indoneziýa;

«B» toparda – Awstraliýa, Hytaý Taýbeýi, Mongoliýa (ýer eýeleri), Butan;

«С» toparda – Wýetnam (ýer eýeleri), Özbegistan, Palestina, Bahreýn;

«E» toparda – Koreýa Respublikasy, Gonkong, Täjigistan (ýer eýeleri), Yrak;

«F» toparda toparda – Mýanma, Hindistan, Gyrgyz Respublikasy (ýer eýeleri);

«G» – Filippinler, Liwan, Guam (ýer eýeleri);

«H» toparda – Eýran Yslam Respublikasy, Iordaniýa (ýer eýeleri), Nepal.

Toparlaryň ýeňijileri 2023-nji ýylyň 16 – 25-nji sentýabry aralygynda geçiriljek ikinji tapgyr saýlama ýaryşyna çykarlar. Bu oýunlaryň netijesi boýunça, iň tapawutlanan dört topar 2024-nji ýylyň 7-nji aprelinden 21-nji apreli aralygynda Indoneziýada geçiriljek 2024 Aziýa kubogynyň jemleýji tapgyrynda oýnamak hukugyna mynasyp bolar. Yklym çempionlygynyň jemleýji ýaryşyna Taýlandda geçen öňki Aziýa Kubogy-16-nyň netijeleri boýunça iň gowy üç topar – Ýaponiýanyň, Demirgazyk Koreýanyň we Hytaýyň topary, şeýle hem bäsleşigiň ýer eýesi hökmünde Indoneziýanyň topary gatnaşyp biljekdigini eýýäm mälim edildi.

Türkmen futbolçylary (17 ýaşa çenli) toparlaryň arasynda Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlarynda ilkinji gezek oýnar.