Ï Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary (U20) futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama oýunlarynda Eýran we Bangladeş bilen oýnar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary (U20) futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama oýunlarynda Eýran we Bangladeş bilen oýnar

view-icon 4652
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary (U20) futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama oýunlarynda Eýran we Bangladeş bilen oýnar

Türkmenistanyň zenanlar topary (20 ýaşa çenli) futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama ýaryşynda Eýranyň we Bangladeşiň toparlary bilen duşuşar. Şu gün Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) Aziýa futbol konfederasiýasynyň merkezinde geçirilen bije atyşlygyň netijesi şeýle.

Saýlama ýaryşyna gatnaşjak 31 topary 8-e bölüpdirler.

Türkmenistan we onuň garşydaşlary «H» topara girýär. Bu toparyň oýunlary 2023-nji ýylyň 4 – 13-nji martynda Bangladeşde bir tapgyrda geçiriler. 4-nji martda türkmen futbolçylary Bangladeşiň, 8-nji martda bolsa Eýranyň topary bilen duşuşar.

Beýleki toparlaryň düzümi şeýle:

«A» topary – Hytaý, Laos (ýer eýeleri), Goňkong, Filippinler;

«B» topary –Nepal, Birleşen Arap Emirlikleri, Demirgazyk Mariana adalary, Palestina (ýer eýeleri);

«С» topary –Awstraliýa, Gyrgyz Respublikasy (ýer eýeleri), Guam, Yrak;

«D» topary – Liwan, Iordaniýa (ýer eýeleri), Mongoliýa, Butan;

«E» topary –Taýland (ýer eýeleri, Taýwan, Täjigistan, Özbegistan;

«F» topary –Wýetnam (ýer eýeleri), Hindistan, Singapur, Indoneziýa;

«G» topary — Mýanma, Malaýziýa, Päkistan, Kamboja (ýer eýeleri).

Toparlaryň ýeňijileri 2023-nji ýylyň 3 – 12-nji iýuny aralygynda geçiriljek saýlama ýaryşyň ikinji tapgyryna çykarlar. Onuň netijelerine görä, iň oňat dört topar 2024-nji ýylyň 3-nji martyndan 17-nji martyna çenli Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogy-2024-iň soňky bölüminde oýnamak hukugyny gazanar. Yklym çempionlygynyň jemleýji ýaryşyna Taýlandda geçen öňki Aziýa Kubogy-nyň netijeleri boýunça öňe saýlanan üç topar – Ýaponiýanyň, Demirgazyk Koreýanyň we Koreýa Respublikasynyň, şeýle-de, bäsleşigiň ýer eýesi hökmünde Özbegistanyň ýygyndy toparynyň gatnaşjakdygy belli boldy. Türkmen futbolçylary (20 ýaşa çenli) toparlaryň arasynda Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlarynda ilkinji gezek çykyş eder.

 «AA»-nyň habarçysy