Ï «Altyn asyr» topary ýeňiş gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» topary ýeňiş gazandy

view-icon 4606
«Altyn asyr» topary ýeňiş gazandy
camera-icon
tff.com.tm

17-nji tapgyryň jemleýji oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny 1:3 hasabynda utup, «Altyn asyryň» futbolçylary ýeňiş gazandylar. Oýnuň 2-nji minutynda Salim Umarowyň geçiren pökgüsinden soň Türkmenistanyň häzirki çempiony utulýardy. Şondan 10 minut geçenden soň «Altyn asyryň» kapitany Ahmet Ataýew hasaby deňledi –1:1. 29-njy minutda Yhlas Toýjanow «Türmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyny öňe çykardy – 1:2. 50-nji minutda bolsa Begmyrat Baýow hasaby 1:3-e ýetirdi.

Häzirki wagtda ýaryş tertibinde «Ahal» toparynyň 45, «Altyn asyr» toparynyň 38 we üçünji orundaky «Köpetdag» toparynyň 28 utugy bar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 18-nji tapgyry 4-nji noýabrda «Nebitçi» – «Merw» we «Ahal» – «Şagadam» toparlarynyň oýny bilen başlanyp, 5-nji noýabrda «Energetik» – «Aşgabat» hem-de «Altyn asyr» – «Köpetdag» klublarynyň oýny bilen jemlener.