Ï Žiwopisçi we heýkeltaraş doganlar Meredowlaryň işleriniň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Žiwopisçi we heýkeltaraş doganlar Meredowlaryň işleriniň sergisi

view-icon 6254
Žiwopisçi we heýkeltaraş doganlar Meredowlaryň işleriniň sergisi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Paýtagtymyzyň Sergi merkeziniň iki gatynda doganlar – žiwopisçi Saparmämmet Meredowyň hem-de heýkeltaraş Artyknazar Meredowyň işleriniň sergisi görkezilýär.

Sergä Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredow işleriniň 185-sini hödürledi. Onuň işlerinde türkmen sährasynyň gözellikleri, oba tebigaty, oba gelin-gyzlary şekillendirilýär.

Ol özüniň «Bagşylar» atly işinde üç beýik sazanda – ortada Garadäli Gökleň, onuň çepinde Şükür bagşy we sagynda hem Amangeldi Gönübek şekillendiripdir. Surat sergä gelýänleriň üsüni özüne çekýär.

Saparmämmet Meredow ussat grafikaçy hökmünde hem bellidir. Onuň grafiki portretleri dessine tanalýar. Şol suratlara ýazgy hem gerek däl: degişme suratlary döredýän Atajan Aşyryowyň, portretçi Durdy Baýramowyň , ol bir suratyň sýurrealizm usulynda işleýän Annadurdy Myradalyýewiňkidigi ... aýan bolup dur.

Saparmämmet Meredowyň inisi Artyknazar şekillendiriş sungatynda başga ugry – heýkeltaraşlygy saýlapdyr. Onuň sergä hödürlän 127 işiniň aglabasynyň bedewler bolmagy tötänden däldir. 10 ýyl mundan ozal Artyknazar Meredow ahalteke bedewlerine bagyşlanan döwlet bäsleşiginde 1-nji orny eýeläpdi.