Ï «Ahal» futbol topary çempionatda 15-nji gezek ýeňiş gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» futbol topary çempionatda 15-nji gezek ýeňiş gazandy

view-icon 6307
«Ahal» futbol topary çempionatda 15-nji gezek ýeňiş gazandy

«Ahalyň» futbolçylary 18-nji tapgyryň ilkinji oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» 3:1 hasabynda utup, Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky çempionatynda 15-nji ýeňişini gazandy. Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçdi.

«Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew 22-nji minutda hasaby açdy. 49-njy minutda Elman Tagaýew 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby artdyrdy. 59-nji minutda Elýas Akyýew jogap pökgüsini saldy. 66-njy minutda Didar Durdyýew üçünji pökgüni geçirdi.

Şu oýundan soň D. Durdyýew 16 (2-sini- 11 metrlik jerime urgusyndan) pökgi bilen garşydaşlarynyň derwezesine pökgi salmakda beýleki türkmen futbolçylaryndan öňe saýlandy. «Köpetdagyň» hüjümçisi Begenç Akmämmedow ondan 1 pökgi az geçirdi.

48 utuk toplap ýaryşda öňde barýan «Ahal» çempionatda bir gezegem utulmadyk ýeke-täk topardyr. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň bu topary indi 18 oýunda utulman gelýär.

Türkmenistanyň häzirki 8 gezek çempiony «Altyn asyr» öndebaryjydan 10 utuk az toplady, ýöne bir oýnam az oýnady.

Myhmançylykda Balkanabadyň «Nebitçisini» 1:2 hasabynda utan «Merw» 29 utuk bilen üçünji ýere çykdy. Ýeňijilerden Alibek Abdurahmanow (23) we Toýly Goçnazarow (47) minutlarda, utulanlardan oýnuň birinji ýarymyna goşulan 1-nji minutda Arslan Ýollyýew tapawutlandylar. A. Abdyrahmanow häzirki milli birinjilikde jemi 13 pökgi geçirdi.

Ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 18-nji tapgyry «Energetik» – «Aşgabat» we «Altyn asyr» – «Köpetdag» futbol toparlarynyň duşuşygy bilen tamamlanar.