mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türgenlerimiz Kazanda geçirilen dünýä kubogynda 12 medal gazandylar

view-icon 2140
Türgenlerimiz Kazanda geçirilen dünýä kubogynda 12 medal gazandylar

Ýurdumyzyň pälwanlary Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Kazanda guşakly göreş boýunça geçirilen dünýä kubogyda jemi 12 (2 altyn, 2 kümüş we 8 bürünç) medala mynasyp boldular.

«Ak Bars» başa-baş söweşler köşgünde geçirilen ýaryşa 33 ýurduň wekilleri gatnaşdylar.

Ildeşlerimiz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Hojamyrat Suhanow (57 kg çenli agramda) we Türkmenistanyň guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň türgeni Derýa Abdyýew (90 kg çenli agramda) altyn medala mynasyp boldular.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Abdyresul Durdyýew (62 kg çenli agramda) we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli agramda) kümüş medal eýelediler.

Erkekler toparyndan: Meýlis Gulgeldiýew (68 kg çenli agramda), Ibragim Sopyýew (75 kg çenli agramda), Rozymyrat Medow (82 kg çenli agramda), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kilogramdan agyr agramda), zenanlaryň arasynda Aýmeňli Kerimowa (52 kg çenli agramda), Gülnar Joraýewa (66 kg çenli agramda) we Jemal Öwlýägulyýewa (76 kg çenli agramda) bürünç medala mynasyp boldular.

Kazan federal uniwersitetiniň Ýelabuga institutynda okaýan Baýramoraz Guwanjow (62 kg çenli agramda) Türkmenistanyň ýygyndysy üçin ýene bir bürünç medal gazandy.

Türkmenistanyň ýygyndysy dünýä kubogy ugrunda toparlaýyn ýaryşda üçünji orny eýeledi. Birinji orny Russiýanyň topary, ikinji orny Özbegistanyň ýygyndysy eýeledi.