mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Talyplaryň arasynda Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanan bäsleşik yglan edildi

view-icon 2531
Talyplaryň arasynda Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanan bäsleşik yglan edildi

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iňlis dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşige çagyrylýar. Bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti guraýar.

Oňa gatnaşmak isleýänler guramaçy-uniwersitetiň iuhd.edu.tm resmi saýtynyň akademiýa/ýaryş bölüminiň 25-nji bölümçesinde hasaba alynýar. Taýýar makalalary şu ýylyň 30-nji noýabryna çenli iuhd.socialcontest@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

Iňlis dilinde ýazylan makalalar 500-700 sözden köp bolmaly däldir we mazmun taýdan baýramçylyk temasyna laýyk gelmelidir. Mundan başga-da, makalalara baha berlende iňlis diliniň grammatikasynyň düzgünlerine eýerilişine we manyly söz düzülişine üns beriljekdir.

Bäsleşik BMG-niň resmi dilleriniň biri ̶ iňlis dilini öwrenmäge höwesi ýokarlandyrmaga, döwletimiziň içeri we daşary syýasaty barada talyplaryň bilimlerini artdyrmaga, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de olaryň döredijilik ukybyny, endiklerini höweslendirmäge we ösdürmäge, şeýle hem sanly maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge niýetlenendir.