Ï Türkmenistanyň Tennis federasiýasy ITF-iň ýanyndaky okuw merkezi bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy ITF-iň ýanyndaky okuw merkezi bolar

view-icon 3544
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy ITF-iň ýanyndaky okuw merkezi bolar

Halkara tennis federasiýasy (ITF) Türkmenistana ygtyýarly okuw merkezi bolmaga resmi taýdan ygtyýar berdi. Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti Dewid Haggertiniň we ITF-iň ýerine ýetiriji direktory Luka Santiliniň gol çeken degişli şahadatnamasy şu gün Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna (TTF) gelip gowuşdy.

Resminama Halkara tennis federasiýasy bilen ylalaşyp, her ýyl tälimçiler üçin okuwlary guramaga, milli tälimçileri hünär synagyndan geçirmäge we degişli şahadatnama bermäge hem-de resminamalarda ITF logotipini ulanmaga hukuk berýär.

–  2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam edýän bu resminamany almak üçin biz hünärmenleri we okuw esbaplaryny taýýarlamakda uly işleri geçirdik – diýip, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow «AA»-nyň habarçysyna gürrüň berdi. – Geçen aýda Aşgabada gelen ITF-iň Aziýa sebitinde tennisi ösdürmekde jogapkär işgäri Amir Borgei degişli barlaglary geçirdi. Onuň netijesinde Halkara tennis federasiýasy Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna ITF-iň özbaşdak şahadatnamany bermegi karar etdi.