Ï Futzal boýunça Türkmenistanyň Superligasynda çekeleşikli oýunlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futzal boýunça Türkmenistanyň Superligasynda çekeleşikli oýunlar

view-icon 4415
Futzal boýunça Türkmenistanyň Superligasynda çekeleşikli oýunlar

«Köpetdag» topary 16-njy tapgyrda ýurdumyzyň häzirki çempiony «Deňizçi» toparyny utup, futzal boýunça Türkmenistanyň Superligasynda çempionlyga dalaş edýär.

Toparlaryň ozalky iki duşuşygy-da — birinji aýlawda 3:3, ikinjide — 0:0 hasabynda deň tamamlanypdy.

Çempionlyga dalaşgärleriň üçünji duşuşygy çekeleşikli geçdi. «Köpetdag» birinji ýarymyň ortasyna çenli üç minudyň dowamynda iki pökgi geçirip, 2:0 hasabynda öňde barýardy. Meýdançanyň burçundan urlan pökgini tora salan Gurbannyýaz Sähedow hasaby açdy, soňra meýdançanyň daşyna giden pökgi oýna girizilenden soň Mülkaman Annadurdyýew tapawutlandy.

«Deňizçi» arakesmä çenli bir pökgi saldy. Meýdançanyň burçundan urlan pökgini Alyşir Hudaýbergenow geçirdi, emma Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň toparyna ýeňlişden gutulmak başartmady.

Şu ýeňişden soň «Köpetdag» topary 42 utuk bilen öňe çykdy. Ondan 3 utugy az «Deňizçi» ikinji, «Ahaly» 4:1 hasabynda utan «Gümrükçi» 33 utuk toplap üçünji orunda barýarlar.

TNGIZT-iň toparyny 4:1 hasabynda utan «Senagatbankyň» Döwlet gümrük gullugynyň toparyndan 4 utugy az.

«Milli goşun» toparyny 5:1 hasabynda utan Türkmenistanyň Superligasy-2022-ä ilkinji gezek gatnaşýan «Daşoguz» topary bäşinji orunda.

10-njy oktýabrda 17-nji tapgyrda «Köpetdag»  ̶ «Daşoguz», «Deňizçi»  ̶ «Gümrükçi», «Senagatbank»  ̶  «Ahal» we «Milli goşun»  ̶ TNGIZT-iň topary bilen duşuşarlar.