Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynda «Aşgabat» «Nebitçini» utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynda «Aşgabat» «Nebitçini» utdy

view-icon 3666
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynda «Aşgabat» «Nebitçini» utdy

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 19-njy tapgyry «Aşgabat» topary bilen Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň arasynda paýtagtda geçen oýun bilen başlandy.

Ondan öň bäsdeşler häzirki milli çempionatda iki gezek duşuşdylar. Birinji tapgyryň oýnunda «Aşgabat» 3: 1 hasabynda ýeňiş gazandy, ikinji tapgyrda bolsa «Nebitçi» – 1:0 hasabynda utdy.

Toparlaryň «Nusaý» stadionynda geçen üçünji oýny öý eýeleriniň görnetin artykmaçlygynda geçdi. Olar eýýäm 2-nji minutda, Pirmyrat Soltanowyň takyk urgusyndan soň öňe saýlandy. Oýnuň ikinji ýarymynda Merdan Muhadowyň urgulary (54-nji we 80-nji minut) netijesinde ýene iki  pökgi  «Nebitçiniň» derwezesine girdi.

Netijede, «Aşgabat» 3:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 22 utuk bilen bäşinji orunda barýan Türkmenbaşynyň «Şagadamy» bilen aralygy 3 utuga çenli azaltdy.

Milli çempionatyň 19-njy tapgyry «Merw» – «Altyn asyr», «Şagadam» – «Energetik» we «Köpetdag» – «Ahal» arasyndaky oýunlar bilen tamamlanar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 48 utuk bilen «Ahal» öňde barýar. Ýurdumyzyň häzirki wagtda 8 gezek çempiony bolan «Altyn asyr» topary ondan 7 utuk yza galýar. Ilkinji üçlügiň ahyrynda 29 utugy bolan «Merw» topary  barýar.