Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U-14) CAFA-2022 çempionatyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U-14) CAFA-2022 çempionatyna gatnaşýar

view-icon 4752
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U-14) CAFA-2022 çempionatyna gatnaşýar
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U-14) CAFA-2022 çempionatyna gatnaşýar
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U-14) CAFA-2022 çempionatyna gatnaşýar
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U-14) CAFA-2022 çempionatyna gatnaşýar
camera-icon
«AA»-nyň habarçysy

Türkmenistanyň ýetginjekler (14 ýaşa çenli) ýygyndysynyň futbolçylary 11-nji noýabrda Täjigistanda badalga alýan Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşarlar.

Bäş ýurduň – Eýranyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýygyndylary medallar hem-de sebitiň iň güýçli ýygyndysy ady ugrunda bäsleşerler.

Oýunlaryň hemmesi Gissaryň Merkezi stadionynda geçiriler.

Ýaryşyň düzgünine görä, toparlar bir aýlawda biri-biri bilen duşuşarlar. Ýaryşyň ýeňijisi, gazanan has köp utugy boýunça kesgitlener.

Düzüminde 20 oýunçy bolan türkmen ýygyndysy baş tälimçi Eziz Annamuhammedowyň ýolbaşçylygynda bu ýaryşa taýýarlandy. Ildeşlerimiz ilkinji oýunda özbegistanly deň-duşlary bilen duşuşarlar. Oýundan öňki maslahatda türkmen futbolçylarynyň ýaşyl eşikde, garşydaşlarynyň ak eşikde çykyş etjekdigi mälim boldy.

12-nji noýabrda Eziz Annamuhammedowyň şägirtleri Täjigistanyň, 14-nji noýabrda Owganystanyň ýygyndylary bilen duşuşarlar, 18-nji noýabrda bolsa Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşyp, ýaryşy jemlärler.

Ýetginjekleriň arasynda (U-14) CAFA-2022 çempionatyna bäş ýurduň eminleri hyzmat ederler, olaryň arasynda Türkmenistandan Resul Mämmedow we onuň kömekçisi Pälwan Pälwanow bolar. Oýunlaryň komissary wezipesini Ýakubjon Sohibow (Özbegistan) we Oraz Mämmetgeldiýew (Türkmenistan), inspektoryň wezipesini eminler – CAFA-nyň instruktorlary Hasan Kamranifar (Eýran) we Allaberen Sapaýew (Türkmenistan) ýerine ýetirerler. Allaberen Sapaýew üçin ol CAFA-nyň emin hökmünde bäşinji ýaryşydyr. Ol ozal Daşkentde U-16 we U-19 ýetginjekler ýygyndylarynyň ýaryşynda iki gezek hem-de Duşanbede geçirilen ýetginjekleriň U-19 we zenanlar ýygyndylarynyň arasynda geçirilen ýaryşlarda iki gezek işläpdi.

2022-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda 60 ýaşan Allaberen Sapaýew Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli emindir. Ol 1994-nji ýyldan 2007-nji ýyllar aralygynda FIFA-nyň emini hökmünde Halkara futbol federasiýasynyň we Aziýa futbol konfederasiýasynyň howandarlygynda geçirilen resmi oýunlarda FIFA-nyň emini bolupdy.