mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Ahal» topary çempionlyga ýakynlaşdy

view-icon 1375
«Ahal» topary çempionlyga ýakynlaşdy
camera-icon
tff.com.tm

«Ahal» toparynyň futbolçylary milli birinjiligiň 20-nji tapgyrynda öz meýdançasynda «Merw» toparyny 2:0 hasabynda utup, ilkinji gezek çempion bolmaga tarap ýene bir ädim ätdi.

Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçen duşuşygyň ykbaly oýnuň birinji ýarymynda çözüldi. 10-njy minutda Ilýa Timurkin hasaby açdy. Şondan 5 minut soň Didar Durdyýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynyň hasabyny artdyrdy.

Bu hüjümçileriň arasynda öňde barýan D. Durdyýewiň 17-nji (olaryň 3-si – 11 metrlik jerime urgusyndan) pökgüsidir. «Köpetdag» toparyndan Begenç Akmämmedow ondan tapawutlylykda, tora 2 pökgi az girizdi. Alibek Abdurahmanow («Merw») 14 (olaryň 2-si – 11 metrlik jerime urgusyndan) pökgi bilen üçünji ýerde barýar.

Şu ýeňişden soň «Ahal» topary 54 utuk toplap, ikinji orunda barýan Türkmenistanyň 8 gezek çempiony «Altyn asyrdan» utuk tapawudyny 12-ä ýetirdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary bir oýun az oýnady. 

Utulanyna garamazdan «Merw» topary 30 utuk bilen üçünji orny saklap gelýär.

Şu tapgyrda öz aralarynda duşuşan Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamynyň» we Aşgabadyň «Köpetdagynyň» ondan 2 utugy az. Häzirki möwsümde olar eýýäm iki gezek duşuşdylar. Birinji aýlawda Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» 5:2, ikinji aýlawyň jogap oýnunda Aşgabatda «Köpetdag» 2:1 hasabynda utupdylar. 

Olaryň üçünji oýnunda öz meýdançasynda çykyş eden «Şagadam» 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňijilerden Mekan Aşyrow 33-nji we Hakmuhammet Bäşimow 50-nji, utulan topardan Serdarmyrat Baýramow 66-njy minutlarda tapawutlandylar.

20-nji tapgyryň beýleki bir oýnunda milli birinjilikde yzda barýan toparlar – «Energetik» bilen Balkanabadyň «Nebitçisi» Maryda duşuşdylar. Oýun birinji ýarymyň ahyrynda gyzyşdy. 40-njy minutda Surožiddin Jumanyýazow «Energetigi» öňe çykardy – 1:0. Şondan 2 minut soň Seýitmämmet Hojamämmedow hasaby deňledi – 1:1. Ýene 2 minutdan Magtymberdi Berenow «Nebitçini» öňe çykardy.

51-nji minutda myhmanlar artykmaçylygyny artdyryp biljekdiler. Ýöne Serdar Tükiýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan depen pökgüsi derwezäniň ýokarky sütünine degdi. 56-nji minutda Serdar Annamämmedow hasaby deňledi – 2:2. 68-nji minutda Serdar Tükiýew erjel oýnan «Nebitçä» ýeňiş getiridi we hasap – 2:3 bolup tamamlandy.

Muňa garamazdan, «Nebitçi» topary 10 utuk bilen soňky orunda barýar, olaryň 7-nji orundaky «Energetikden» 5 utugy az.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyry «Altyn asyr» we «Aşgabat» toparlarynyň oýny bilen jemlener.