Ï Ýurdumyza Russiýa Federasiýasyndan täze teplowozlar gelip gowuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyza Russiýa Federasiýasyndan täze teplowozlar gelip gowuşdy

view-icon 3504
Ýurdumyza Russiýa Federasiýasyndan täze teplowozlar gelip gowuşdy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň demirýol pudagynda durmuşa geçirilýän işler bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda yzygiderli alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde pudagyň maddy enjamlaýyn binýady ýylsaýyn häzirki zaman enjamlarynyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar. Bu ugurda aýratyn ulag ulgamynyň ýük we ýolagçy gatnawlaryny üpjün etmek özboluşly orna eýe bolan demirýol ulaglarynyň düzümi barha artdyrylýar. Munuň şeýledigini ýurdumyza täze getirilýän ýolagçy we ýük teplowozlary hem tassyklaýar.

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň «Brýansk maşyngurluşyk zawody» dolandyryş kärhanasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglanyşylan şertnama laýyklykda, bäş sany ýük otlularynyň teplowozlary gelip gowuşdy. Bu teplowozlar ýük çekijilik kuwwaty bilen aýratyn tapawutlylyga eýedir.

Ýurdumyzda her bir şanly wakany mynasyp derejede garşylamak durmuşymyzyň ýol-ýörelgesi bolup durýar. Dostlukly ýurtdan gelen teplowozlary garşylamak üçin hormatly ýaşulular, nurana eneler hem-de ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary Aşgabadyň demirýol menziline ýygnandylar.

Teplowozlaryň gelip gowuşmagy iki dostlukly ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.