Ï Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF gender-duýgur bilimi öňe sürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF gender-duýgur bilimi öňe sürýär

view-icon 4315
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF gender-duýgur bilimi öňe sürýär

2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda gender deňligi boýunça milli hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF gender-duýgur bilim ulgamynda milli mümkinçilikleri güýçlendirmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler.

Milli bilim institutynda jyns deňligini öňe sürmek boýunça geçirilen bäş günlük okuwyň dowamynda milli hünärmenleriň 27-si kämilleşdirilen okuw usullaryny iş ýüzünde ulanmak arkaly synpy we mekdebi gender-duýgur usulda dolandyrmak, okuw materiallaryny, şahsyýetara endikleri, gender-duýgur dili we bilime gözegçilik ulgamynda öz başarnyklaryny ýokarlandyrdy.

ÝUNISEF mekdep bilimini özgertmek boýunça edilýän tagallalardan başga-da, gender-duýgur bilim boýunça gurallar toplumyny, ýokary okuw mekdeplerinde okatmak üçin, tanyşdyrmalary we gollanmalaryny öz içine alýan okuw bukjalaryny işläp düzmegi, şeýle hem bilim hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagy goldaýar. Şonuň ýaly-da, ýurtda gender-duýgur bilimi güýçlendirmek üçin, ýol kartasyny düzmekde goldaw berilýär. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Muhammet Faýýaziniň sözlerine görä, BMG-niň Çagalar Gaznasy gender-duýgur bilim gurallaryny ösdürmek boýunça, milli hyzmatdaşlar bilen işleşmegini dowam etdirer.