Ï 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawy tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawy tassyklanyldy

view-icon 6568

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy we olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.