Ï Türkmen hünärmenleri döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak boýunça okuw geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak boýunça okuw geçýärler

view-icon 4218
Türkmen hünärmenleri döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak boýunça okuw geçýärler

Türkmenistanda maglumat tehnologiýasy ulgamynyň hünärmenleri üçin döwlet dolandyryşy boýunça 10 günlük okuw başlandy. Bu okuw ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy (USAID) bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan ýola goýuldy.

Okuwyň dowamynda oňa gatnaşýanlar internet protokolyna (IP) birikmegiň aýratynlyklary, kiberhowpsuzlygyň esaslary, döwlet dolandyryş amallaryny awtomatlaşdyrmak işinde maglumat tehnologiýasynyň ulanylyşy bilen tanşarlar.

Döwlet dolandyryşynda maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy serişdelerden has netijeli peýdalanylmagyny, borçlaryň ýerine ýetirilmegini, olaryň işleriniň has aç-açan bolmagyny we wagtyň tygşytlanmagyny üpjün edýär.

Okuw kursy internet arkaly geçiriljek Cisco Certified Network Associate (CCNA) halkara synag bilen tamamlanar, şondan soň türkmen hünärmenleri ilkinji halkara IT (MT) şahadatnamasyny alarlar.

Sanly ykdysadyýete geçmek Türkmenistanyň durnukly ösüşi üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, bu okuw ýurdumyzyň döwlet edaralarynda sanly ulgamlary ösdürmek we goldamak üçin tejribeli hünärmenlere bolan zerurlygy kanagatlandyrmaga ýardam eder.