Ï Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy bolup geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy bolup geçdi

view-icon 3502

16-njy noýabrda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde, Aşgabat şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda edebiýat, sungat, medeniýet, senagat we oba hojalygy, ylym, tehika, saglygy goraýyş, bilim we sport pudagynda gazanan üstünlikleri üçin ýurdumyzyň ýaş nesliniň tapawutlanan wekillerine däp bolup gelýän Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy baradaky düzgüne laýyklykda, ol ýylda bir gezek 16-30 ýaş aralygyndaky raýatlara berilýär. Ony almaga ministrlikler we müdirlikler, döwlet edaralary we kärhanalar, jemgyýetçilik we döredijilik guramalary, ylym, bilim, saglygy goraýyş, ýokary we orta hünär mekdepleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan hödürlenip bilner.

Şu ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan tassyklanan Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlaryň sanawyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 75 ýaş raýat girdi. Baýraga mynasyp bolanlaryň aglabasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň, M.Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we beýlekileriniň talyplarydyr.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň we sosial ugrunyň dürli pudaklarynda özüni has işjeň we netijeli görkezen ýaş hünärmenler, Ýaşlar baýragynyň eýeleriniň ikinji uly toparyny düzýär. Baýrak alanlaryň sanawynda orta mekdep okuwçylary, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy M.Abbasowa, Lebap welaýatynyň 19-njy ýöriteleşdirilen mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy S.Ruslanowa we M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen aýdym-saz mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy M.Ýagşyýew hem bar. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndan hususy telekeçi Aýgül Nazarlyýewa we Mary welaýatynyň Garagum etrabynda ýaşaýan Selbi Serdarowa dagy-da mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine degişli şahadatnamalar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.