Ï Türkmenistan maşgala gymmatlyklaryny durmuşa girizjek hünärmenleri taýýarlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan maşgala gymmatlyklaryny durmuşa girizjek hünärmenleri taýýarlaýar

view-icon 5697
Türkmenistan maşgala gymmatlyklaryny durmuşa girizjek hünärmenleri taýýarlaýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça agentliginiň (USAID) Döwlet dolandyrylyşyna goldaw maksatnamasy Türkmenistanyň raýat ýagdaýyny ýazga alyş edaralary üçin hünärmenleri taýýarlaýar.

Hünärmenler maşgala terapiýasynyň endiklerini özleşdirerler, bu iş ýaş çatynjalara maşgala gymmatlyklary, oňyn durmuş hem maşgala kadalaryny öňe sürmek, gender deňligi, köpeliş hukuklary ýaly temalar boýunça okuw geçmegi we maslahat bermegi öz içine alýar.

Hünärmenleri taýýarlaýyş okuwy Mary welaýatynda geçirildi, geljekde bolsa Lebap welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

USAID-iň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze bu okuwlaryň ýaş maşgalalaryň sagdyndan berk maşgala gatnaşyklaryny döretmäge we saklamaga berjek bilelikdäki goldawyna esaslanýandygyny belledi.

Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça Milli hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilýär. Bu meýilnamada şu ugurdaky amaly ädimler beýan edilýär. Bu resminama milli institutlaryň we gender deňligi ugrundaky hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy-da göz öňünde tutýar.