Ï Oba hojalykçylaryň belent sepgitleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oba hojalykçylaryň belent sepgitleri

view-icon 2779
Oba hojalykçylaryň belent sepgitleri

Lebap welaýaty boýunça oba hojalyk ulgamynyň şu ýylyň 10 aýynyň ýokary görkezijileri bu ugurda işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Oba hojalykçylar 900 gektar ýere ekilen güýzlük ýeralmadan 12 müň tonnadan gowrak, 475 gektar ýere ekilen käşirden 9 müňe golaý tonnadan gowrak hasyl alyp, meýilnamany artygy bilen berjaý etmegi başardylar. Şeýlde-de welaýatda mäş hem noýba ekilip, bol hasyl ýygnaldy.

Welaýat boýunça kelemiň hem-de şugundyryň hem bitginli hasylynyň kemala getirilipdir. Häzirki wagtda welaýat boýunça ekilen soganyň we sarymsagyň gowy gögerişi gazanylyp, agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Sebitde ýokary netijeleriň gazanylmagyna Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki etraplarynyň gök ekerançylary uly goşant goşýarlar.

Taýýarlanan önümleriň ýeterlik mukdarda dükanlara we bazarlara, galan bölegi ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlara iberiýär. Munuň özi ýylyň bütin dowamynda ilaty ter we ýokumly gök-bakja we miwe önümleri, ýeralma bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.