Ï Ýod önümçiliginiň ösüş depgini ýokarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýod önümçiliginiň ösüş depgini ýokarlanýar

view-icon 3328
Ýod önümçiliginiň ösüş depgini ýokarlanýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň çäklerindäki ýerli çig mallardan bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde netijeli işleri durmuşa geçirýärler.

Kärhanada sebitiň senagat taýdan özleşdirilýän we ummasyz çig mal gorlaryna eýe bolan meýdançalaryndaky ýerasty suwlarda jemlenen ýoddan taýýar önümleri öndürmekde guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Kuwwatly önümçilik enjamlary bilen üpjün edilip, kämil kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan kärhanada işler ýola goýuldy. Şeýle-de ulanylýan ygtybarly çig mal serişdeleriniň güneşli ülkämiziň çäginde ýeterlik bolmagy önümçilikde oňyn görkezijileriň gazanylmagyny, ekologik taýdan arassa, islegli önümleriň öndürilmegini üpjün edýär.

Kärhana ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny, diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenendir. Olar ýatymlaýyn bejerişde, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginde, şol sanda zerur bolan ähli ýerlerde ulanylanda has-da ýeňil, amatly bolýar.

Bulardan başga-da, müşderilere ýetirilýän derman serişdeleriniň görnüşleri köp. Olaryň hatarynda göwherli ýaşyl galamlary, lukmançylyk pamyklarynyň birnäçe görnüşlerini hem-de ilkinji lukmançylyk kömeginiň ýörite tassyklanan düzümde gaplanan gutularyny görkezmek bolar. Şeýle önümleridir serişdeleri daşarky bazarlara ýetirmek işleri-de guramaçylykly amala aşyrylýar.