Ï Lebap welaýatynda senagat önümleriniň eksportynyň möçberi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynda senagat önümleriniň eksportynyň möçberi artýar

view-icon 6529

Lebap welaýatynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hususy kärhanalaryň öndürilýän senagat önümleriniň möçberi artýar. Daşary döwletlere ugradylan harytlaryň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, polipropilen haltalar, akkumulýator batareýalary, nah pagta, senagat garyndy suwuklygy agdyklyk edýär.

Welaýatyň telekeçileriniň öndüren önümleri Özbegistan, Türkiýe, Belarus, Owganystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Russiýa we Hytaý döwletlerine iberilýär. Iň köp eksport edilýän harytlaryň hatarynda gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan izogam durýar. «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň öndürýän bu önüminiň şu ýylyň başyndan bäri 303 müňe golaý inedördül metriniň Özbegistana, 680 müňe töwerek inedördül metriniň Türkiýe, şeýle hem 40 müňden artyk inedördül metriniň beýleki ýurtlara eksport edildi. Bu hususy kärhana şu ýylyň 10 aýynyň dowamynda suwuk bitum mastikasynyň hem uly mukdaryny ýokarda ady agzalan döwletlere ugratdy.

Welaýatyň Çärjew etrabynda ýerleşýän «Altyn gül» hususy kärhanasynyň 10 aýyň dowamynda 800 tonnadan gowrak haltalyk materiallary öndürip, Russiýa Federasiýasyna ugratdy.

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Türkmen ojagy» hususy kärhanasynyň bolsa 360,5 tonna regenirlenen süýüm öndürip, Türkiýe Respublikasyna eksport etdi.