Ï Sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen goja
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen goja

view-icon 4616
Sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen goja

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýokary derejeli sport hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe giň gerimli ösüşlere eýe bolýar. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalary körpeje raýatlar bilen birlikde, ýaşulularymyza çenli bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik döredýär. Şu söhbedimiz hem ýaşuly türgen, sagdyn durmuş ýörelgesini we sporty özüne hemra edinen Seýitmyrat Seýitgulyýew hakynda.

* * *

Şirmyrady tanap ýörenime 20 ýyl dagy boluberipdir. Sport hakynda köp ýazamsoň, duşuşan çagymyz öz döwründe futbol bilen meşgullanan dostum ikimiziň gürrüňimiz dessine alşyp gidiberýär. Gürrüňden gürrüň çykyp, ýöremegiň saglyga peýdasy hakynda söz açdygym, ol atasy Seýitmyrat aga hakyndaky gürrüňe ýol arçanyny kem görenok. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalandy.

Seýitmyrat aga baradaky täsin gürrüňleri köp eşitsem-de, «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýen nakyla eýermegi ýüregime düwdüm. Daglary özüne hemra edinen, ýaşy togsandan agan ýaşuly bilen nirädir bir ýere, dag eteklerine gitmek hyýalyna düşen günümden bäri birnäçe aý geçipdi.

...Külterlän aralygymyz iki kilometre dagy ýetiberipdi. Haýdap barýan gojanyň yzyndan ýetmek üçin az-kem ylgamaly bolandygym üçinmi, nämemi, soňabaka ýadap ugradym. Özüm sport bilen yzygiderli meşgullanamsoň, Seýitmyrat aganyň yzyna eýererin diýen umyt bilen ondan galmazlyga çalyşýardym. Hawa, şol gün tomsuň ilkinji günüdi. Jokrama yssyda ýol aşmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Ýöne şonda-da, Seýitmyrat aga obadan çykanymyzdan soňra, dag aralykda az-kem ýörejekdigini aýdanda, ylalaşaýmakdan başga çäre galmady. Ýogsa, biz dagyň etegindäki şaglawuga ýetmek üçin ep-esli ýol sökmeli boljakdygymyz, garaz, yssa galmazlygymyz üçin ir säher ýol şaýymyzy tutupdyk.

Yzymyzdan sessiz gelýän agtygynyň ulagyna känbir üns bermeýän türgen gojanyň: «Göwnüme bolmasa, daglara gelen ilkinji günüň näçe ýaşyňda bolsaň, şol hem saklanyp galýan eken» diýen sözlerini eşidenimde, onuň yzyndan galman ýöräp barşyma iki sagat çemesi boluberipdi.

Galan ýoly ulagly geçmek üçin «demir ata» atlandyk. Seýitmyrat aga özüni örän şähdaçyk duýýardy. Agtygy Şirmyradyň ýadawlykdan ýaňa halys bolan dostuna — maňa nazaryny aýlap: «Ýeri, nähili, atamyň yzyna eýerip bilerismi?» diýip, sowally ýylgyryşyna başymy çalaja atyp, sessiz razylyk berdim.

Gün guşluga galyberende, arzyly menzile ýetdik. Jana şypa berýän howany diýjekmi, üýtgeşik bir heňde sünnälenen dag gerişlerine, garaz, jadylaýjy täsiri bolan daş-töwerege ser salanyňda, ýadawlygyň el bilen aýrylan ýaly bolaýýan eken. Şonda men gojanyň daglarda gezseň ýigdelýändigiň baradaky sözleriniň manysyna azda-kände bolsa-da düşünmäge çalyşdym.

Dag gerişleriniň kölegesinde düşlän dessimize Seýitmyrat aganyň dermanlyk ösümliklerden demlän çaýy ýadawlygymyzy zym-zyýat edäýdi. Onuň sebäbini soranymda, ýaşuly Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseriniň her birimiz üçin şamçyrag bolmalydygyny aýratyn nygtap, şeýle diýdi:

— Özüm köp gezemsoň, bu otlaryň peýdasyny göre-göre gelýärin. Kitapda olaryň ösýän ýerleri, dermanlyk peýdasy, garaz, hemmetaraplaýyn düşündirişler berilýär. Şonuň üçin hem ony ýankitabyň edinseň, ýalňyşmarsyň. Men muny öz tejribämden aýdýaryn. Aslynda maňa diňe bir ýurdumyzyň çägini däl, eýsem-de, Tundranyň aňzakly ülkesinden başlap, Ýewropanyň tokaýlyklaryna çenli görmek miýesser etdi. Sowuk ülkäniň özüne ýetik özboluşlylygy bar, tokaýlyk ýerleriňki başgaça. Ýurdumyzyň çägindäki yssydan gurak howanyň bolsa özüne ýeterlik peýdasy bar. Ilkinji nobatda, baran ýeriň bilen uýgunlaşmagy özüňe endik edinmeli. Köýtendagdan başlap, Köpetdagyň eteklerindäki howanyň başga-başga bolşy ýaly, olarda özüňi gowy duýmak üçin dogry hereketleri etmeli. Ine, alyp göreli, ýaňy demläp beren çaýym nähili täsir etdi? Nepesiňi durlandyr, görüp otursaň. Her ýeriň öz peýdaly ot-çöpi bar. Şony dogry ulanmaly.

* * *

Daga çyksaň, surnukdyrýar diýseler, känbir pisint hem etmezdim. Iki günläp Seýitmyrat aganyň yzyny eýerjek bolup, beýikli-pesli dag gerişlerini geçip, öýe gelen dessime, süýji uka gidipdirin. Jaň sesine oýandym. Oýaly-ukuly halda telefony alamda, Seýitmyrat aganyň sesine özüme geldim. Ol hal-ahwalymy soramak üçin jaň eden eken. Geň ýeri, 100 ýaşyň soňky onlugyndan gädip ugran ýaşulynyň sesi çasly çykýardy. Bu keremli daglaryň gudratyna uýýan, dagda gezmegi durmuş ýörelgesine öwren adamyň ýürek owazydy.