Ï HJ «Senagat plastik» öndürýän önümleriň möçberlerini artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HJ «Senagat plastik» öndürýän önümleriň möçberlerini artdyrýar

view-icon 3734
HJ «Senagat plastik» öndürýän önümleriň möçberlerini artdyrýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti indi dört ýyldan gowrak wagt bäri hereket edip, sarp edijileriň arasynda öz öndürýän ýokary hilli önümleri bilen giňden tanalýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hojalyk jemgyýeti ummasyz gorlara daýanýan ýerli uglewodorod çig mal serişdesini senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alynýan polietilendir polipropilenden birnäçe görnüşli önümleri öndürýär.

Bu ýerde köp möçberde öndürilýän plastmassa tekjeler toplumlaýyn gaplanylýan dürli önümleridir harytlary ýüklemekde we düşürmekde giňden peýdalanylýar. Olar harytlaryň ammarlarda talabalaýyk ýerleşdirilip, uzak wagtlap saklanylmagy üçin juda oňaýlydyr. Şeýle-de hususy kärhananyň öndürýän önümleri agaç tekjelerine garanyňda, önümçilik maksatlary üçin juda ygtybarly bolup durýar. Has takygy, howply we ýiti himiki serişdeleriň täsirlerine durnuklydyr. Plastmassa tekjeler gyzgyn suw bilen ýuwulanda hem hapalardan tiz we aňsat arassalanýar. Şonuň ýaly-da ýakymsyz yslary özüne siňdirmeýär, çyglylyk saklamaýar. Munuň özi, ýükasty tekjeleriň önümleriň ähli görnüşlerini daşamak üçin amatlydygyna, olary netijeli ulanyp bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende aýtsak, gürrüňi edilýän hususy kärhanada sarp edijileriň yzygiderli ösýän isleglerine baglylykda öndürilýän önümleriň möçberleri hem-de görnüşleri has-da artdyryldy. Muňa bolsa kärhananyň önümçilik kuwwatyna laýyklykda ýylda 240 müň plastmassa tekjesine derek onuň çykarylýan möçberiniň iki esse ýokarlandyrylmagy hem doly güwä geçýär.