Ï Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda guralan sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda guralan sergi

view-icon 4653
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda guralan sergi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary halkymyzyň geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, milli el işleriniň nusgalaryny şöhlelendirýän giň serginiň guraýjylary we tomaşaçylary boldular. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Täze eýýamyň üme dessury» atly döredijilik festiwalynyň çäklerinde guralan bu sergi ýaşlaryň milli mirasymyza we el işleri sungatyna has ýakynlaşmaklaryna ýardam etdi.

Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleriniň kömegi bilen guralan giň sergide türkmeniň ajaýyp haly-keçe önümleri, gelin-gyzlaryň gadymy şaý-sepleri, milli el işleri bolan kürteleriň, donlaryň, tahýalaryň, joraplaryň dürli nusgalary goýuldy.

Talyp gyzlar çäräniň dowamynda haly dokamak, keçe, sapak işmek, tahýa tikmek, keşde çekmek ýaly çylşyrymly el işlerini usatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Durmuşa çykýan gyzyň taýýarlan işlerini, lybaslaryny täsirli wasp etdiler. Haly gölleri, keçe gülleri, donlara we başga lybaslara salynýan nagyşlar, olaryň atlary we manylary barada gyzykly gürrüňler etdiler.

Gadymy üme dessuryny guramakda, tikin we dokma endiklerini ele almakda, sungat bilen bagly gadymy aýtgylary, läleleri, aýdymlary we şygyrlary öwrenmekde we ýerine ýetirmekde talyp gyzlara senetçi ene-mamalar we ýerli mirasçylar uly ýardam etdiler.

– Sungat işleriniň göçme sergilerini guramak biziň iş tejribämize giňden ornaşdy – diýip, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Maral Gurbansähedowa gürrüň berýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilýän «Täze eýýamyň üme dessury» festiwaly hem halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän, sungat derejesine ýeten el işleriniň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmeklige niýetlenen çäre. Şeýle çäreler ýaşlaryň milli mirasa gyzyklanmalaryny artdyryp, olaryň muzeý bilen gatnaşyklarynyň berkemegine getirýär.