Ï Türkmenistan we BAE energetika we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we BAE energetika we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar

view-icon 4808
Türkmenistan we BAE energetika we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar

Türkmenistan we BAE energetika we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Abu-Dabi şäherine resmi saparynyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasynda habar berilýär. 

«Taraplar ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, her tarapyň bähbidini göz öňünde tutmak bilen özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny beýan etdiler. Olar şol ugurdaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we dikeldilýän energiýa ýaly, ileri tutulýan pudaklarynda bilelikdäki tagallalary artdyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny beýan etdiler» diýlip, resminmada bellenilýär.

Şeýle hem görkezilen resminamada «taraplar bilelikdäki taslamalar amala aşyrylanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin iki döwletiň telekeçilerine goldaw bererler» diýlip, nygtalýar.