Ï Sahnada hindi filmlerinden aýdymlar we sazlar ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sahnada hindi filmlerinden aýdymlar we sazlar ýaňlandy

view-icon 10897
Sahnada hindi filmlerinden aýdymlar we sazlar ýaňlandy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty bölüminiň orkestri «Watan» kinokonsert merkezinde «Hindi kinosynyň muşdaklaryna» atly konsert geçirdi.

Estradaçy talyplar sahnada «Söýgi rowaýaty», «Ar alyş we kanun», «Bobbi», «Ar alyş hyjuwy», «Söýginiň güýji» we beýleki hindi filmlerindäki gahrymanlaryň keşplerini janlandyrdylar. Talyplar geýimleriniň kaşaňlygy, özboluşly hereketleri, ýiti sesleri bilen sahnada filmleriň söýýän, aýdym aýdýan we tans edýän gahrymanlaryna doly bap gelmäge çalyşdylar.

Filmlerdäki aýdymlaryň we tanslaryň sany boýunça hindi kinematografiýasynyň beýleki ýurtlaryňkydan tapawutlanýandygyny bellemelidiris. Kino gahrymanlary olar arkaly duýgularyny beýan edýärler, kyn ýagdaýdan çykalga gözleýärler, söýgüsini aýan edýärler we dürli kynçylyklardan hötde çykmagy synanyşýarlar. Hindi aýdym-sazlarynyň hoş owazlylygy her bir hindi filminiň bezegi bolup durýar.

Tomaşaçylar sahnada «Disko tansçysy» filminiň baş gahrymanynyň keşbini Bahram Huseýnow janlandyrdy.

«Tans et, tans et!» filmindäki aýdymly tansy ýerine ýetiren Mansur Şaripowyň we beýlekileriň çykyşlary-da tomaşaçylara ýarady.

Bu gyzykly, özboluşly konserte Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi, orkestriň çeper ýolbaşçysy hem dirižýory Maýsa Mämmetjumaýewanyň başlangyç berendigi konsertiň dowamynda aýdyldy.