Ï Futzal boýunça Türkmenistanyň Superliga ýaryşynyň Daşoguz tapgyry başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futzal boýunça Türkmenistanyň Superliga ýaryşynyň Daşoguz tapgyry başlanýar

view-icon 3313
Futzal boýunça Türkmenistanyň Superliga ýaryşynyň Daşoguz tapgyry başlanýar
camera-icon
tff.com.tm

Futzal boýunça Türkmenistanyň Superliga ýaryşynyň Mary welaýatyndaky bölegi 18-nji tapgyryň oýunlary bilen tamamlandy.

Ol ýaryşda degişlilikde 5-nji we 6-njy orunlarda barýan milli birinjilige ilkinji gezek gatnaşýan «Daşoguz» hem-de TNGIZT toparlarynyň duşuşygy bilen başlandy. Oýun 5:5 hasabynda deň tamamlandy.

Soňra welaýat sport komitetiniň ýöriteleşdirilen ýaş olimpiýaçylar mekdebiniň sport toplumynyň meýdançasynda «Ahalyň» we «Milli goşunyň» futzalçylary güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen oýun 4:3 hasabynda «Milli goşunyň» peýdasyna tamamlandy. Bu ýeňiş «Milli goşuna» ýaryşda yzda barýan «Ahaldan» 4 utuk köp toplamaga mümkinçilik berdi.

18-nji tapgyr öňde barýan iki toparyň oýunlary bilen jemlendi. Olaryň birinde Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony «Deňizçi» «Senagatbanky» 2:1 hasabynda utsa, beýlekisinde «Köpetdag» şeýle hasap bilen «Gümrükçiden» üstün çykdy. Şu dört toparyň hem galan oýunlarda milli birinjiligiň medallary ugrunda esasy bäsdeşler bolmagy mümkindir.

Hersi garşydaşlarynyň derwezesine 25 pökgi geçiren Gurbangeldi Sähedow («Köpetdagdan) we «Daşoguzdan» Hamit Menlibaýew ussat oýunçylaryň bäsleşiginde öňde barýarlar.

19-njy tapgyrda «Milli goşun»  ̶ «Deňizçi», TNGIZT  ̶ «Ahal», «Gümrükçi»  ̶ «Daşoguz» we «Senagatbank» ̶ «Köpetdag» toparçalary duşuşarlar.