Ï Futzal: «Köpetdag» ilkinji ýeňlişe sezewar boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futzal: «Köpetdag» ilkinji ýeňlişe sezewar boldy

view-icon 4476
Futzal: «Köpetdag» ilkinji ýeňlişe sezewar boldy
camera-icon
tff.com.tm

«Köpetdag» topary Türkmenistanyň futzal boýunça Super ligasynyň 19-njy tapgyrynda «Senagatbank» toparyndan utulyp, ilkinji ýeňlişe sezewar boldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary 0:2 hasabynda utulýardy. Oýnuň ikinji ýarymynyň ortalarynda «Köpetdag» bir öwez goluny geçirse-de utulyşdan halas bolup bilmedi.

Türkmenistanyň iki gezek häzirki çempiony «Deňizçi» «Milli goşuny» 3:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňen tarapdan oýnuň birinji ýarymynda Kadyr Berenow, arakesmeden soň bolsa Akmyrat Durdyýew we Daniil Pançenko tapawutlandylar.

Bu oýunlardan soň Superligada 48 utugy bolan «Köpetdag» bilen «Deňizçi» öňde barýarlar. Üçünji orny 36 utuk gazanyp, «Senagatbankdan» 1 utuk öňde barýan «Gümrükçi» eýeleýär. Türkmenistanyň Futzal boýunça Superligasynyň Daşoguz aýlawy bilen başlanan 19-njy tapgyrda Döwlet gümrük gullugynyň topary milli birinijilik ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşýan «Daşoguzy» 3:2 hasabynda utdy.

Ýene bir oýnunda TNGIZT topary «Ahaldan» 4:6 hasabynda utuldy. Bu ýeňişden soň «Ahal» 7-nji orunda barýan «Milli goşundan» aratapawudyny bir utuga çenli azaltdy.

Türkmenistanyň Futzal Superligasynyň oýunlary Daşoguzda «Garaşsyzlyk» stadionynyň sport zalynda geçirilýär. Toparlar bu ýerde ýene üç tapgyr oýnarlar.

20-nji tapgyrda «Daşoguz» «Ahal» bilen, «Köpetdag» «Milli goşun» bilen, «Gümrükçi» «Senagatbank» bilen, «Denizçi» TNGIZT bilen oýnar.