Ï Türkmenistanyň Adalatçysy halkara çärelerinde ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty bilen tanyşdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Adalatçysy halkara çärelerinde ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty bilen tanyşdyrdy

view-icon 2829
Türkmenistanyň Adalatçysy halkara çärelerinde ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty bilen tanyşdyrdy

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowa Moskwa şäherinde geçirilen «Ýewraziýa giňişliginde adam hukuklarynyň goragynyň meseleleri: Ombudsmenleriň öňdebaryjy tejribe alyşmaklary» atly VI Halkara ylmy-amaly maslahatynda «aşlar syýasatyny ösdürmäge we durmuşa geçirmäge ýaşlaryň gatnaşmagy» atly mowzuk bilen çykyş etdi.

Çäre ýaşlar syýasatynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy, bilim, iş bilen üpjün etmek, syýasy, telekeçilik, meýletinçiler we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmekligi, şeýle hem, çärä gatnaşyjy taraplaryň daşary ýurtlardaky ýaşlaryň hukuklaryny goramak boýunça tagallalaryny utgaşdyrmagy maksat edindi.

Türkmeinstanyň Adalatçysy öz çykyşynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty babatda kanunçylygyň kämilleşdirilýändigini, ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygyna aýratyn üns berilýändigini nygtady. Türkmenistanyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunynyň rejelenen görnüşiniň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we beýleki resminamalaryň kabul edilmegi munuň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ýaş raýatlara hemmetaraplaýyn ösmek we döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini Adalatçysy öz çykyşynda belledi.

Şeýle hem, Türkmeinstanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa «Hukuk goraýyş işleriniň ugry hökmünde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň meseleleri boýunça hukuk bilimini artdyrmak» atly Ombudsmenleriň Ýewraziýa Bileleşiginiň VII mejlisine synçy hökmünde gatnaşdy. Bu çäre hem ýaşlar syýasaty, işe ýerleşdiriliş, migrasiýa, mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde adam hukuklary babatda aň-bilim, jemgyýetçiligi adam hukuklarynyň meseleleri boýunça habardar etmegiň meselelerine ünsi çekdi. Mejlisde Adalatçylar we Ýewraziýa Bileleşigine gatnaşýan ýurtlaryň milli hukuk goraýjy edaralarynyň (MHGE) wekilleri çykyş edip, adam hukuklary ulgamynda magaryf we habardarlyk çärelerini netijeli durmuşa geçirmekde, adam hukuklaryny goraýjy edaralalaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň wajyplygyny bellediler.