Ï Daşoguz welaýatynda güýzlük soganyň hasyllylygy artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda güýzlük soganyň hasyllylygy artýar

view-icon 4453
Daşoguz welaýatynda güýzlük soganyň hasyllylygy artýar

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda güýzlük sogan geçen ýyldakydan iki esse köp ýere – 2200 gektar meýdana ekildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrap sebitde irki sogany ýetirişiriji etrapdyr. Bu ýerde sogan 550 gektar meýdana ekildi. S. A. Nyýazow adyndaky etrapda 480 gektar, Gubadag etrabynda bolsa 380 gektar ýere sogan ekildi. Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda-da güýzlük sogan ýetişdiriler, 2020-nji ýylyň gyşyndan bäri ol sebitde köpçülikleýin ýetişdirilip gelinýär.

Geçen ýyllaryň tejribesi soganyň şu usulda ýetişdiririlişinde sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, aýaza we kesellere has durnukly görnüşleriniň hem-de gyşky şitillere ideg etmegiň düzgünlerine berk eýerilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny görkezdi.

Güýzlük soganyň ýetişdirilmegi ekarançylara bazarlary ýokary hilli ter önüm bilen ýylboýy üznüksiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet tarapyndan ilatyň islegli azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini ardtyrmak boýunça obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda Daşoguz welaýatynyň babadaýhanlary hem oba hojalyk önümleriniň, şol sanda ýeralmanyň, soganyň, kelemiň, kösükli we bakja ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrýarlar.