Ï Ýaşuly suratkeş Annadurdy Almämmedow
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşuly suratkeş Annadurdy Almämmedow

view-icon 5746
Ýaşuly suratkeş Annadurdy Almämmedow
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Paýtagtymyzyň Sergi merkeziniň iki gatyny-da häzirki wagtda Türkmenistanyň halk suratkeşi, şu ýyl 85 ýaş toýuny toýlan Annadurdy Almämmedowyň döreden işleri bezeýär. Sergide goýlan iki ýüz suratyň aglaba bölegi, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň çäginde ýerleşýän daglaryň gaýtalanmaýan gözelliklerini beýan edýär.

Annadurdy Almämmedow köplenç bir mowzukda üç suratdan ybarat triptihe ýykgyn edýär. Şeýle işleriň biri «Dag rowaýaty» eseriniň merkezinde ýapraklary dökülen, ýaýraw şahaly daragt şekillendirilipdir. Ho-ol alysda, dag içinde oturan oba külbeleri görünýär. Gyzykly ýeri, göräýmäge ol obada adam-gara ýok ýaly, diňe döwründe äpet bolan goja daragtyň göwdesine düşýän adam kölegesi göze ilýär.

Annadurdy Almämmedow öz döredijiliginde köplenç gülälekleri şekillendirýär. Bu güller çagalykdan suratkeşiň ýüreginde orun tutupdyr, şonuň üçinem olar wagtal-wagtal onuň suratlarynda peýda bolýar. Olar meýdan gülleri bolsa-da, öz gözelliginiň taýsyzlygyna ynamly güller. Sergide görkezilýän gülälekler çekilen uly panno nakgaşyň dogduk iliniň baýyrlaryna ýazylan bahar halysynyň bir bölegini ýada salýar.

Meşhur suratkeşiň işleriniň sergisi bu ýere gelenleriň göwnünden turdy.