Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
«Bitaraplyk – baky bagtym» bäsleşigi halk köpçüligini Türkmenistanyň dürli ugurlarda, şol sanda, sportda-da gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilip, bitaraplyk ýörelgeleri bilen döwlet syýasatynyň arasyndaky baglanyşygy görkezmegi maksat edinýär.
Bäsleşige gatnaşmaga žurnalistler, fotohabarçylar, sungat işgärleri, mugallymlar, talyplar, şeýle hem döredijilikli işler bilen meşgullanýan mekdep okuwçylary çagyrylýar. Olar žurnalistikanyň žanrlaryň haýsam bolsa biri: makala, oçerk, söhbetdeşlik ýa-da kiçeňräk hekaýa; çeper edebiýat žanrlarynda (hekaýa, gysga hekaýa we ş.m.), şeýle hem suratlar arkaly Bitaraplyk ýörelgelerini beýan edýän material taýýarlamaly.
Işler 11-nji dekabra çenli turkmenistansport@sanly.tm, turkmen-youth@online.tm elektron salgylar boýunça kabul edilýär. Tabşyrýan işiňize özüňiz barada maglumatlary – işleýän we ýaşaýan ýeriňizi, habarlaşmak üçin telefon belgiňizi goşmalydyr.
Ýeňijileri ygtyýarly eminler kesgitlär. Her ugur boýunça bäş ýeňiji göz öňünde tutulypdyr – Baş baýrak, 1-nji ýer, 2-nji ýer, 3-nji ýer we höweslendiriji baýrak. Olar diplomlar we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik baýraklary bilen sylaglanar.
Materiallaryň we suratlaryň käbiri Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web-saýtlarynda çap ediler, has tapawutlanan işleri bolsa «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sahypalarynda, şeýle hem onuň hepdelik «7/24.tm» elektron goşundylarynda görmek bolar.