Ï Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi güneşli Täjigistana syýahata çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi güneşli Täjigistana syýahata çagyrýar

view-icon 3644
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi güneşli Täjigistana syýahata çagyrýar

Aşgabatda ýakynda başlanan Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolan sergi bilen dowam etdirildi.

Köpugurly sergi hemmeleri güneşli Täjigistana taryhy we medeni syýahat etmäge, dostluk ýurduň däp-dessurlarynyň dürlüligi, halk senetleri, häzirki zaman sungat eserleri, modasy we milli täjik tagamlary bilen tanyşmaga çagyrýar.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri Aşgabat şäheriniň ilatyny hem paýtagtymyzyň myhmanlaryny gutlamak bilen, şeýle uly göwrümli medeni çäräni guramakda we geçirmekde beren goldawlary üçin iki dostlukly döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.

Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Zulfiýa Dawlatzoda bu çäräniň aýratyn ähmiýetini belläp, serginiň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda medeni we ynsanperwer ugurda has netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek hem giňeltmek üçin ýene bir ädim boljakdygyny belledi.

Çäräniň dabaraly bölümi aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdirildi. Soňra myhmanlara muzeýiň halk senetçileriniň önümleri, neşir önümleri we fotosuratlar görkezilýän otaglaryna aýlanmak teklip edildi.

Täjigistanyň halky sahylygy we dostsöýerligi bilen meşhurdyr. Sergä gelenleri mähirli garşylamak bilen, Täjigistan Respublikasynyň wekilleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine halk senetkärleriniň we amaly bezeg sungaty ussatlarynyň ýasan ýadygärlik sowgatlaryny berdiler.

Beýleki zatlar bilen birlikde, Täjigistanda dürli ýerasty baýlyklaryň uly gorlary bar. Muňa lazurit, hrizopraz, ametist, pöwrize we ş.m. gymmatly we ýarym gymmat bahaly daşlar girýär. Şonuň üçin serginiň myhmanlary diňe bir Respublikanyň ýerasty baýlyklary bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem gymmatbahaly täjik daşlaryny hem satyn alyp bilerler.

Milli tagamlar-da ünsden düşürilmedi. Sergä gelenler Täjigistanyň alamaty bolan çak-çak, pahlawa, sumanak, şeýle hem miwe kişdelerini öz içine alýan adaty baýramçylyk tagamlaryndan dadansoňlar, bu çäre barada ýakymly ýazgylar galdyrdylar. Dostlukly ýurduň şeýle ýakyn we köp asyrlyk medeniýetiniň jümmüşine aralaşyp, ylham alanlaryň köpüsi Duşanbe şäherine syýahatçylyk saparyna gitmegi wada berdiler.