Ï Nemes nusgawy sazlarynyň konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nemes nusgawy sazlarynyň konserti

view-icon 3115
Nemes nusgawy sazlarynyň konserti
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen konsert köp adamly boldy.

Konsert Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we teatryň ýolbaşçylarynyň ýardam bermeginde guraldy.

Nusgawy eserleriň konserti Lýudwig wan Bethoweniň fortepiano, skripka we wiolençel, orkestr üçin «Üç görnüşli» konserti bilen açyldy. Bu eser tanymal sazandalar Dawid Oýstrahyň, Mstislaw Rostropowiçiň, Swýatoslaw Rihteriň we dirižýor Karaýanyň ýerine ýetirmeginde saz medeniýetiniň taryhyna girdi.

Aşgabatda Bethoweniň «Üç görnüşli» konsertiniň üç bölegi-de ilkinj gezek käriniň ussatlary – Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň (fortepiano), Bahram Dolyýewiň (skripka), Kakageldi Hojalekowyň (wiolençel), dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy, solistler doly sazlaşyk gazandylar.

Konsertiň ikinji böleginde Rihard Wagneriň, Karl Mariýa fon Weberiň, Feliks Mendelson Bartoldiniň eserleri çalyndy. Konsert Iogannes Bramsyň hyjuwly 1-nji we 5-nji «Wenger tansy» bilen jemlendi. Brams 21 tansdan ybarat tans sazlarynyň ýygyndysyny taýýarlapdyr. 1-nji we 5-nji tanslarda ol halk sazydyr öýdüp Bela Keleriň sazyny ulanypdyr. Ýöne Bela Keleri şeýle säwlik meşhur edipdir. Şondan bäri her gezek şu eser ýerine ýetirilende onuň ady tutulýar.

Tomaşaçylar bilen hoşlaşanda Resul Gylyjow olary 3-nji dekabrda Mukamlar Köşgünde gruzin sazlarynyň konsertine çagyrdy.