Ï Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri paýtagtmyzyň mekdepleriniň birine baryp gördüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri paýtagtmyzyň mekdepleriniň birine baryp gördüler

view-icon 5493
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri paýtagtmyzyň mekdepleriniň birine baryp gördüler

25-nji noýabrda Aşgabat şäheriniň 117-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri «Tebigatyň aýratynlyklary» atly temasyndan açyk sapak geçirdiler.

Olar okuwçylara Türkmenistanda ýaşaýan jandarlaryň dürli görnüşleri barada gürrüň berdiler, şeýle hem Garagum sährasynyň altynsöw alaňlarynda, ýurdumyzyň howdanlarynda we daglyk ýerlerinde duş gelýän ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň wekilleri barada anyk maglumat berýän kitapçalary peşgeş berdiler.

Ýokary synp okuwçylaryna bag ekmek çäresine gatnaşmagy teklip etdiler.

Mekdebiň çäginde ýaprakly we miweli daragtlaryň nahallary ekildi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri ösüp gelýän ýaş nesle ekologiýa, tebigat gorlaryny goramak we saklap galmak barada aladany öwretmek bilen çagalarda mekdep howlusyndan başlap tebigata aýawly hem-de oýlanşykly çemeleşmegi kemala getirmäge çalyşýarlar.

Türkmenistanda ýaşlaryň ekologiýa terbiýesine we daşky gurşawy goramak düzgünlerini öwretmäge aýratyn üns berilýär, Ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralary geçirilýär.