mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Dynç günleriniň tomaşasy: gitara sazynyň festiwaly, akyl-paýhas bäsleşikleri we başga-da ençeme tomaşalar

view-icon 1894
Dynç günleriniň tomaşasy: gitara sazynyň festiwaly, akyl-paýhas bäsleşikleri we başga-da ençeme tomaşalar

Öňümizdäki dynç günleri aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary medeni çärelere, konsertlere we teatr oýunlaryna baryp, dynç alyp bilerler.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň muşdakalry «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunuň sport görnüşi boýuna Türkmenistanyň XVIII çempionatyna çagyrylýar. «Телекомпания «Игра-ТВ» JÇJ-iň lisenziýasy boýunça bilimlileriň tükmen klubunyň wekilleriniň ýaryşy 27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriler.

27-nji noýabrda sagat 18-de «Türkmenistan» kinokonsert zalynda «Köp öwüşginli gitara» atly gitara sazlarynyň festiwaly geçiriler. Onda blýuz, folk, flamenko, fýužn we ş.m. ugurlarda sazlar ýaňlanar.

Paýtagtymyzyň teatrlary gülküli tomaşalary tekip edýärler.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

26.11.2022: «Gülki agşamy» başlanýan wagty: 19:00;

27.11.2022: «Gülki agşamy» başlanýan wagty: 19:00;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

26.11.2022: «Aýdym-sazly gülki agşamy» başlanýan wagty: 19:00;

27.11.2022: «Bir Selbiniň yşgynda» başlanýan wagty: 19:00;

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

26.11.2022: «Gülki agşamy» başlanýan wagty: 19:00;

27.11.2022: «Gülki agşamy» başlanýan wagty: 19:00;

A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

26.11.2022: «Üç jojuk we çal möjek» başlanýan wagty 12:00;

26.11.2022: «Bäş agşam» başlanýan wagty 19:00;

27.11. 2022; «Külbikejik» başlanýan wagty 11:00; 13:00;

27.11. 2022: «Andro we Sandro» başlanýan wagty 19:00;

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

26.11.2022: «Gülki agşamy» başlanýan wagty 19:00;

27.11.2022: «Çynym aýtsam» başlanýan wagty 19:00;

Türkmen döwlet gurjak teatry:

26.11.2022: «Bir towşanjyk bar eken» başlanýan wagty: 17:00;

26.11.2022: «Söýgi bizi halas eder» başlanýan wagty 19:00;

27.11.2022: «Çagalyk älemgoşary» başlanýan wagty 12:00; 17:00;

27.11.2022: «Çagaly öý bazar» başlanýan wagty 19:00.