mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

view-icon 2106

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparyna we beýleki möhüm wakalara beslenen geçen hepde Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň hem-de daşary syýasatynyň üstünlikli amal edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Saparyň birinji gününde Abu-Dabide iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny gurşap alýan meseleleriň toplumyna garaldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, olary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna, özara bähbitlere kybap gelýän täze derejä çykarmak boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşiklerde söwda-ykdysady we maliýe-bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlary, oba hojalygy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, gaýtadan işleýän, himiýa senagatlary, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle-de şäher gurluşygy özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Bilim-ylym, medeniýet we sport hem türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarydyr.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara gatnaşyklary ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda oba hojalyk we azyk howpsuzlygy barada hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Kiberhowpsuzlyk geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçilik gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Maliýe ministrliginiň arasynda fiskal we tehniki meseleler boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Ýokary derejede geçirilen ikiçäk duşuşygyň dowamynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen we ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri we Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum hem-de BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny mübärekläp, 2012-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasyndaky işewürlik geňeşiniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn görnüşleri bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin häzirki wagtda ähli mümkinçilikleriň bardygyny belläp, energetika, gazhimiýa senagaty, ulag ulgamlarynda, şol sanda deňiz portlary derejesinde, şeýle-de «ýaşyl» energetika, söwda we maliýe ulgamlarynda, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Işewürlik duşuşygynyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda anyk teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “Abu Dhabi Ports Group” kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Abu Dhabi Future Energy company (Masdar)” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda umumy gurnalan kuwwaty 100 MW gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birinji Abu-Dabi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Şeýle-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda logistika hyzmatlaryny amala aşyrmak we dürli eksport-import amallaryny ýerine ýetirmek boýunça şertnamalar baglaşyldy.

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, sebitlerde pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary sürmek, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini geçirmek boýunça çäreler guramaçylykly alnyp barylýar. Ahal, Lebap welaýatlarynda bugdaý ekişi tamamlandy. Şaly hasylynyň oragy gyzgalaňly dowam edýär, şonuň bilen birlikde, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Şeýle-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan ylalaşylan meýilnama laýyklykda, Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň suw hojalyk pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň netijeli işledilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerine garaldy. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň innowasion ösüşini, nebithimiýa senagatynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny kanunçylyk taýdan goldamak, obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler, türkmen elektrik energiýasynyň möçberiniň artdyrylmagy hem-de onuň eksport ugurlarynyň giňeldilmegi, “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, Ahal welaýatynda birnäçe desgalaryň ulanmaga berilmegine taýýarlyk mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmegiň maksadalaýyk hasaplanýandygy habar berildi. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň 28-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek nobatdaky mejlisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň netijeleri beýan edildi. Onuň dowamynda hökümetara we edaralar derejesinde 13 sany resminama, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça 8 sany resminama gol çekildi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz generatorlaryny düýpli abatlamak barada şertnama baglaşmagy hakynda” we “Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda” Kararlara gol çekdi. Şeýle hem geçen hepdede döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň birnäçe sebitleriniň dolandyryş-çäk bölünişigini düzgünleşdirmäge degişli Karara gol çekdi.

Geçen hepdede Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz Döwlet býujetiniň ýurdumyzyň durmuşynda möhümdigini belläp, birnäçe gymmatly maslahatlaryny we tekliplerini beýan etdi, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly ileri tutulýan meseleleri kesgitledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu möhüm resminamany taýýarlamak boýunça ýene-de degişli işleriň geçirilmelidigi, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan teklip edilen bu resminamanyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipelere laýyk gelmelidigi, onda döwletimizi ösdürmek we adamlaryň abadançylygyny has-da gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri doly we bökdençsiz maliýe taýdan üpjün etmek soraglarynyň göz öňünde tutulmalydygy, bu işleri kämilleşdirmek boýunça ýene-de nähili çäreler görülse, göwnejaý boljakdygy ýaly meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça beýan edilen bellikleri göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalary geçirmegi, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyň taslamasynyň üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy, şondan soňra ony Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermegi teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti, bu ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşyklar hem-de däp bolan döwletara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek beýleki çäreler meýilleşdirildi.

Geçen hepdede Aşgabatda sanly ulgam arkaly “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda döwletiň hasabynda durýan taryhy we medeni desgalaryň 1400-den gowragy bar. Olaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýadygärlikleri, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd we Gökdepe galasy açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Türkmenistan gymmatly taryhy mirasa eýe ýurt hökmünde dünýäde ykrar edildi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ajaýyp ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyga eýe bolan desgalar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Bu çärä sanly ulgam arkaly daşary ýurtly wekiller — Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Fransiýanyň we Italiýanyň iri ylmy we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary, işgärleri, bilermenleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy desgalaryny ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak, rejelemek, medeni, ekologik syýasaty ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Medeni çäräniň maksatnamasyna sungat ussatlarynyň konsertleri, iki ýurduň kinematograflarynyň döredijilik duşuşyklary, häzirki zaman suratkeşleriniň eserleriniň, halk senetçiliginiň nusgalarynyň, çaphana önümleriniň we fotosuratlaryň sergileri, häzirki zaman dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanan egin-eşikleriň görkezilişi girizildi.

Täjigistanyň Medeniýet günleri türkmen we täjik artistleriniň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy. Konsert Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda geçirildi.

Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Oňa BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň döredilmeginiň diňe bir medeni mirasy gorap saklamak, ony ýaş nesillere geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň başlangyjy bolman, eýsem, zenanlaryň telekeçiliginiň ösdürilmegine-de itergi berjekdigi nygtaldy. Şeýle hem bu ugurda festiwallaryň, ýarmarkalaryň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky teklipler beýan edildi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagy üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.