mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Merw» topary «Köpetdag» toparyny utup, ýaryşda üçünji orunda mäkäm ornaşdy

view-icon 1722
«Merw» topary «Köpetdag» toparyny utup, ýaryşda üçünji orunda mäkäm ornaşdy

22-nji tapgyryň Mary şäherinde geçen «Merw» – «Köpetdag» toparlaryň arasyndaky oýny bilen Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary liganyň çempionatynyň dördünji aýlawy başlandy.

Bu oýun garşydaşlaryň şu möwsümdäki dördünji oýny boldy. Birinji aýlawda «Köpetdagyň» meýdançasynda «Merw» utupdy – 1: 0, Maryda geçen ikinji aýlawda bolsa «Köpetdag» ýeňiş gazandy – 2:0. Üçünji aýlawyň oýnunda toparlar biri-biriniň derwezesine pökgini geçirip bilmediler we oýun deň tamamlandy – 0:0.

Bäsdeşleriň dördünji oýny, ýer eýeleriniň hüjümleri bilen başlandy, olar eýýäm 3-nji minutda Alibek Abdyrahmanowyň tagallasy bilen hasaby açdylar. 21-nji we 30-njy minutlarda Şamämmet Hydyrow bilen Ýazgylyç Gurbanowyň hersi bir top geçirdi we netijede «Köpetdag» öňe saýlandy – 2:1.

61-nji minutda Alibek Abdyrahmanow jerime urgusyndan bir top geçirip, hasaby deňledi – 2:2. A.Abdyrahmanowyň hasabynda indi, 4-üsi jerime urgusyndan bolmak bilen, 17 gol bar. Bu bolsa oňa ussat oýunçylaryň bäsleşiginde ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. «Mergenler» ýaryşynda 3-üsi jerime urgusyndan bolmak bilen, 18 gol geçiren Didar Durdyýew («Nusaý») öňde barýar. Ilkinji üçlügiň soňky ornuny 2-si jerime urgusyndan bolmak bilen, 16 gol geçiren Begenç Akmämmedow («Köpetdag») eýeleýär.

Orazberdi Myradowyň 72-nji minutda amala aşyran takyk urgusy «Merwe» ýeňiş getirdi. Şu möwsümde bu oýunçynyň «Köpetdagyň» derwezesine geçiren ikinji ýeňiş goludygyny bellemek gerek. Birinji tapgyryň oýnunda Orazberdi Myradow oýnuň 75-nji minutynda garşydaşynyň derwezesine top salmak bilen, «Merwe» myhmançylykda ýeňiş getiripdi – 1:0.

«Köpetdag» goşmaça wagtyň 94-nji minutynda Bagtyýar Gürgenowyň iki sany sary kartoçka sezewar bolup, oýundan çykarylandygy sebäpli, oýny azlykda tamamlady.

Ýurdumyzyň çempionatynyň tamamlanmagyna alty tapgyr galanda, 36 utuk gazanan «Merw» topary yzyndan gelýän «Köpetdag» toparyndan 5 utuk öňde bolmak bilen, üçünji orunda mäkäm ornaşdy.

57 utuk toplan «Ahal» toparynyň Türkmenistanyň çempionatynda öňde barýandygyny ýatladýarys. Türkmenistanyň 8 gezek we häzirki çempiony «Altyn asyr» ondan 11 utuk yza galýar. 22-nji tapgyrda bu toparlaryň ýene-de oýnamaly oýunlary bar: «Ahal» – Balkanabatda «Nebitçi» bilen, «Altyn asyr» Maryda «Energetik» bilen oýnar. Şu tapgyryň ýene bir oýnunda «Aşgabat» «Nusaý» stadionynda Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» kabul eder.