mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklaryny goraýan milli institutlaryň Sebitleýin maslahaty geçirildi

view-icon 2422
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklaryny goraýan milli institutlaryň Sebitleýin maslahaty geçirildi

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa, Adalatçynyň diwanynyň wekili we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklary goramak baradaky komitetiň başlygy Stambulda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklaryny goraýan milli institutlaryň Sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar.

Çäre Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goraýan milli edaralaryna ýardam bermek boýunça başlangyjyň çäklerinde (CASI/NHRI) Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň sebitleýin wekilhanasy bilen bilelikde guraldy.

Maslahatyň çäginde çärä gatnaşyjylar milli adam hukuklary boýunça edaralar üçin ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda: Milli adam hukuklaryny goraýan edaralarynyň Global Bileleşiginde (GANHRI) akkreditasiýa almak boýunça we BMG-niň adam hukuklaryny goramak mehanizmlerine gatnaşmagy bilen baglanşykly meselelere seredildi. Şeýle-de maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri sebitleýin kynçylyklaryň ýüze çykýan şertlerinde, ýagny işewürlik çygrynda we howanyň üýtgemegi netijesinde adam hukuklarynyň bozulmagy, çaknyşyklarda adam hukuklaryny öňe sürmekde we goramakda adam hukuklary boýunça milli edaralaryň tutýan orny barada beýan edildi.