Ï Geçiriljek halkara ähmiýetli çäreleri guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geçiriljek halkara ähmiýetli çäreleri guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy

view-icon 4012

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, we Türkiýäniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk  we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy  mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek we  döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn Sammitini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň  döwlet Baştutanynlarynyň üçtaraplaýyn Sammitiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.