Ï Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

view-icon 8486
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar berişine görä, ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde şeýle çözgüdi biragyzdan kabul edildi.

Habarda 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda giň ylalaşyga esaslanyp, ýokarda agzalan Komitet «Türkmen keşdeçilik sungaty» hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizmek goldady.

Bu hödürnama, 2021-nji ýylyň martynda ýurduň maddy däl medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde Türkmenistan tarapyndan başlangyjy öňe sürüldi. Şol bir wagtyň özünde, Eýran Yslam Respublikasy hödürnamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.

Mejlisiň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti türkmen nagyşlarynyň baý sungaty barada çykyş etdi. Hökümetara komitetiň baha beriş komissiýasynyň wekilleri agzalan elementiň Türkmenistan we Eýran halklarynyň durmuşyna we ykbalyna aýratyn täsirini bellediler.

Şol gün köpmilletli «Ýüpek öndürmek we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hödürnamasy adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna girizildi. Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan degişli resminamalaryň işlenip düzülmegine we bu elementiň wagyz edilmegine işjeň gatnaşdylar we awtordaşlaryy bolup çykyş etdiler.

Mejlisiň dowamynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan tarapyndan bilelikde ýazylan «Hoja Nasreddiniň ýomak ýtmak däpleri» atly köpmilletli hödürnama biragyzdan tassyklandy.