Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 454 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 454 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 3732

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny, şeýle hem Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.  

Bulardan başga-da, BAE-niň, Gruziýanyň, Özbegistanyň telekeçilerine  daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri we portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 454 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýäniň telekeçileri jemi 780 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.