Ï Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty

view-icon 3843

Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc», «Oxbow», «Palo Alto Networks», «Smartmatic», «Wiza», «Westport Trading Europe Limited» ýaly kompaniýalaryň wekilleri girdiler.

Bu çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda, türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan ymtylmalaryny goldaýandyklaryny nygtadylar.

Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy we işewürligi alyp barmagyň has oňaýly guramaçylyk-hukuk guraly döredildi. Bu bolsa geljegi uly türkmen bazarynda işlemekleri üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň barha köp sanlysyny çekmäge ýardam edýär. Myhmanlar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň örän uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, ýurduň halkynyň, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň bähbitlerine giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplandy. Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli ugurlarynda «John Deere», «Case», «General Electric», «Boeing» ýaly kompaniýalar we beýlekiler üstünlikli işleýärler.

«Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda onuň eýeleýän orny baradaky meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzüm tarapyndan guralýan yzygiderli işewürlik duşuşyklarynyň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň döwlet, hususy toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýändigi nygtaldy. Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, milli obasenagat we suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny we beýlekileri ösdürmegiň hem uly geljegi bar. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, foruma gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryny bellediler.

Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň wekilleriniň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen «Nicklaus Companies» amerikan kompaniýasynyň arasynda golf klubuny döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda foruma gatnaşyjylar soňky ýyllarda täze depgine eýe bolup, üsti ýetirilýän türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.