Ï «Ahal» topary «Energetigi» uly hasap bilen ýeňmegi başardy, «Altyn asyr» bolsa «Şagadam» toparyndan ustün geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» topary «Energetigi» uly hasap bilen ýeňmegi başardy, «Altyn asyr» bolsa «Şagadam» toparyndan ustün geldi

view-icon 4903
«Ahal» topary «Energetigi» uly hasap bilen ýeňmegi başardy, «Altyn asyr» bolsa «Şagadam» toparyndan ustün geldi

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 24-nji tapgyrynda medallar ugrunda bäsleşýän «Ahal» bilen «Altyn asyr» toparynyň her biri 3 utuk toplady.

Ýaryşyň başynda çekýän «Ahal» topary bu tapgyrda Maryda «Energetigiň» myhmany boldy, ikinji orunda barýan häzirki çempion «Altyn asyr» bolsa paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky stadionynda Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» kabul etdi.

Mary şäherinde bolan oýun «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynyň esli artykmaçlygynda tamamlandy. Olar «Energetigiň» derwezesine 5 pökgi geçirip, öz derwezelerine diňe bir pökgi goýberdiler. Ýeňijilerden Didar Durdyýew iki gol, (34-nji we 57-nji minut), Arzuwguly Sapargulyýewiň (37-nji minut), Daýanç Meredowyň (84-nji minut) we Meýlis Diniýewiň (89-njy minut) her biri bir pökgi geçirip,öz ussatlyklaryny görkezdiler. «Energetik» toparyndan Teýmur Çaryýew ýeke-täk goly (86-njy) garşydaşlarynyň derwezesine girizmegi başardy.

«Altyn asyr» bilen «Şagadam» toparlarynyň duşuşygynda, oýnuň 13-nji minutynda «Şagadam» toparynyň oýunçysy Nazar Töwekgelowyň takyk urgusyndan soň, «Şagadam» topary 0:1 hasaby bilen öňe saýlandy. 45-nji minutda «Altyn asyr» toparyndan Röwşen Halmämmedow «Şagadamyň» derwezesine pökgüni dürs urup, hasaby 1:1-e deňlemegi başardy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda Mihail Titowyň (50-nji minutda) we Altymyrat Annadurdyýewiň (59-njy minutda) girizen iki pökgüsine, «Şagadam» toparyndan Akmämmet Metdaýew (78-nji minutda) takyk urgusy bilen jogap berdi. Netijede, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu tapgyrdan soň hasabynda 63 utuk bolan «Ahal» topary, «Altyn asyrdan» 11 utuk aratapawudyny elde saklady. 39 utugy bolan «Merw» topary «Köpetdagdan» 4 utuk öňde bolmak bilen, ilkinji üçlügiň ahyrynda barýar.

Garşydaşlarynyň derwezelerine pökgi salmak boýunça bolýan bäsleşikde az-owlak üýtgeşme boldy. 24-nji tapgyrda «Energetigiň» derwezesine iki pökgüni, umuman bolsa 21 goly (jerime urgusyndan 3) geçiren Didar Durdyýew («Ahal») bäsleşigiň sanawynda birinji orny eýeledi. Ikinji ýeri 20 gol salan (jerime urgusyndan 5) Alibek Abdyrahmanow («Merw») eýeleýär. Tapgyrda 18 gol salan (jerime urgusyndan 3) Begenç Akmämmedow («Köpetdag») üçünji orunda barýar.